Türkmen dilinden rus diline resminamalaryň terjimesi
Türkmen dilinden rus diline resminamalaryň terjimesi
Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili hökmünde rus dili hasaplanýar. Russiýa Federasiýasynyň 2005-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky № 53-ФЗ belgili “Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili hakynda” Federal kanunynyň 1-nji maddasyna 2-nji bölegine laýyklykda, rus diliniň Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili hökmündäki statusy aşakdakylary göz öňüne tutýar, ýagny rus kanunçylygynda kesgitlenen çygyrlarda, şol sanda federal döwlet hökümet edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň döwlet hökümet edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, eýeçilik görnüşiniň nähildigine garamazdan ähli guramalaryň işinde we iş önümçiliginde ulanmak borjy talap edilýär.
RF-nyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky № 1325 belgili Permany bilen tassyklanan, Russiýa Federasiýasynyň raýatlyk meselelerine seretmek tertibi baradaky düzgünnamanyň 7-nji maddasyna laýyklykda, “arza bilen bile tabşyrylan başga dilde ýerine ýetirilen resminamalar rus diline terjime etmeklige degişlidir. Terjimäniň dogrulygy ýa-da terjimeçiniň golunyň hakykylygy notarial ýazgy bilen tassyklanmalydyr”.
RF-nyň IIM-niň 2017-nji ýylyň 27-nji noýabryndaky № 891 Buýrugy bilen tassyklanan Russiýa Federasiýasynda wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama baradaky resminamanyň blankasyny we bellik ediş formasyny, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy ýok adamlara Russiýa Federasiýasynda wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama bermek üçin döwlet hyzmatlarynyň edilmegi boýunça RF-nyň IIM-niň Administratiw reglamentiniň 37-nji maddasyna görä, daşary ýurt dilinde resmileşdirilen resminamalar rus diline terjime etmeklige degişlidir. Terjimäniň dogrulygynyň ýa-da terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň tassyklanmagy Russiýa Federasiýasynyň Notariat hakyndaky kanunynda bellenen tertipde ýerine ýetirilýär.
TERJIME MERKEZLERI
Terjimeçiniň golunyň hakykylygyny tassyklamak üçin resminamalaryň terjimesi aşakdaky ady agzalan guramalarda ýerine ýetirilmelidir:
- “Baky hyzmat” hususy kärhanasy
Salgy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, jaý 87.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993-12) 92-21-22, (+993-63) 68-60-51.
e-mail: baky.hyzmat@gmail.com
Ygtyýarlygy: türkmen dili, iňlis dili.
- “Dilmaç” Hojalyk jemgyýeti
Salgy: Aşgabat ş., Magtymguly köçesi, jaý 96..
Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993-12) 93-59-55, 93-62-72, 46-87-47.
e-mail: ddilmach@mail.ru
Ygtyýarlygy: türkmen dili.
- Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň “Türkmenterjime” kärhanasy
Salgy : Aşgabat ş., B.Garryýew köçesi, jaý 17
Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993-12) 94-19-78, Faks: (+993-12) 94-14-53
Ygtyýarlygy: türkmen dili, iňlis dili.
- “Paýhas açary” hususy kärhanasy
Salgy: Aşgabat ş., Parahat 2/1 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi jaý 1.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993-12) 45-22-67, (+993-61) 76-44-40.
e-mail: payhas_achary@mail.ru
Ygtyýarlygy: türkmen dili, iňlis dili, fransuz dili, pars dili, türk dili, hytaý dili.
- “Terjime Serwis” hojalyk jemgyýeti
Salgy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, jaý 87.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993-12) 92-33-04, (+993-61) 92-14-47
Ygtyýarlygy: türkmen dili, iňlis dili, nemes dili, täjik dili .
Terjimeçiniň golunyň hakykylygy Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň konsullyk bölüminde ýerine ýetirilýär. Kabul edişlik https://ashgabat.kdmid.ru/ saýtynda öňünden ýazylmak esasynda amala aşyrylýar. Konsullyk tölegleriniň nyrhlary bilen şu internet salgysynda tanyşyp bilersiňiz. |
- Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary resminamalaryny terjime etdirmek üçin Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň Lebap welaýat söwda-senagat kärhanasynyň ygtyýarly hünärmenlerine ýüz tutup bilerler.
Salgy: Türkmenistan, Lebap welaýaty 746100, Türkmenabat ş. Altyn kök köçesi, jaý 12.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: +993 (422) 3-38-59, +993 (422) 3-18-53.
e-mail: tpplb@mail.ru; 14@cci.gov.tm
- Mary welaýatynyň ýaşaýjylary resminamalaryny terjime etdirmek üçin “Pähim-Paýhas” hususy kärhanasynyň ygtyýarly hünärmenlerine ýüz tutup bilerler.
Salgy: Mary ş., Zaman köçesi, jaý 18.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: +993 (522) 6-7784.
e-mail: pahimpayhas@gmail.com
- Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary resminamalaryny terjime etdirmek üçin “Günbataraçar” hususy kärhanasynyň ygtyýarly hünärmenlerine ýüz tutup bilerler.
Salgy: Türkmenbaşy ş., Aşgabat köçesi, jaý 1.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: +99324377932
Faks: +9932437793
Bu ýagdaýda terjimeçiniň goly Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki konsullyk nokadynda notarial taýdan tassyklanmalydyr.
Türkmenbaşy şäherindäki terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň notarial tassyklanmagy Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki konsullyk nokadynda amala aşyrylýar. Konsullyk tölegleriniň nyrhlary bilen şu internet salgysynda tanyşyp bilersiňiz. |
NOTARIAL GURAMALAR
Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň maglumatlaryna görä, “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 34-nji maddasyna laýyklykda, resminamalaryň bir dilden başga dile edilen terjimesiniň dogrulygyny we terjimeçiniň golunyň hakykylygyny tassyklamaklyga aşakdaky notarial guramalar hukuklydyr:
Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy: | Aşgabat ş., Görogly köçesi, jaý 87. Tel.: +993 (12) 92-74-85 |
Ahal welaýat döwlet notarial edarasy: | Änew ş., Ahal köçesi, jaý 5, Tel.: +993 (137) 33-2-51 |
Balkan welaýat döwlet notarial edarasy: | Balkanabat ş., kwartal 144, д.13, Tel.: +993 (222) 6-05-13(32), 6-42-75 |
Daşoguz welaýat döwlet notarial edarasy: | Daşoguz ş., N.Andalyp köçesi, j.46 “А”, Tel.: +993 (322) 7-05-57 |
Lebap welaýat döwlet notarial edarasy: | Türkmenabat ş., A.Nyýazow köçesi, j.8, Tel.: +993 (422) 3-05-25 |
Mary welaýat döwlet notarial edarasy: | Mary ş., Gökdepe köçesi , j.4, Tel.: +993 (522) 7-05-09 |